"Türkmen senet" HJ 2019-njy ýylda Türkmenistanda ilkinji bolup SPANBOND materialyny öndürip başlady. SPANBOND lukmançylyk pudagynda bir gezek ulanylýan önümler (maskalar, köýnekler, şlýapalar, geýimler we aýakgap örtükleri) üçin uly islegden peýdalanýar.
“Spanbond” diňe bir lukmançylyk pudagynda däl, eýsem kosmetologiýada, şahsy arassaçylyk önümlerinde, mebellerde, uçar oturgyçlarynda, senetçilik önümlerinde hem ulanylýar - örtükler, organaýzerler, dürli görnüşdäki we ululykdaky gutular, ýeňil senagatda dürli görnüşdäki eko torbalary öndürmekde we beýleki pudaklarda ulanylýar.
"Türkmen senet" HJ 2021-nji ýylda ISO 9001:2015 talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky şahadatnamany aldy. Bu ýyl bolsa, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we kärhananyň dolandyryş ulgamyny ösdürmek maksady bilen, “Türkmen Senet” HJ üç standart boýunça auditini geçdip, ISO 9001: 2015 hil , ISO 14001: 2015 ekologiýa we ISO 45001: 2018 saglygy goramak we zähmet howpsuzlygy dolandyryş ulgamlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky sertifikaty gowşuryldy.